Milli bazarda ilkinji gezek "BAL BALAM" brendiniň çaga arlyklaryny hödürlemäge örän şat!

New Baby

2-5 kg agramlylar üçin.

Midi

4-8 kg agramlylar üçin.

Maxi

6-10 kg agramlylar üçin.

Junior

9-14 kg agramlylar üçin.

Junior Plus

11-16 kg agramlylar üçin.

Ýylmanak
içki gatlak

Çalt howa
çalşygy

Çalt
siňdiriş

Çagalar üçin haryt öndürilende iň täze tehnologiýalar we oýlap tapyşlar ulanylýar, arlyk öndürmek üçin materiallar berk gözegçilikde saklanýar.

Önümçilik üçin ulanýan çig malymyz tehnologiki prosese berk laýyklykda öndürilýär, ýokary hilli bolup, degişli şahadatnamalar bilen tassyklanan häzirki zaman hil we gözegçilik talaplaryna laýyk gelýär.

Çaganyň dünýä inen gününden pursadyndan başlap, onuň näzik derisi hemişe stres bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Çaganyň derisi örän inçe we näzik, her dürli täsirlere aşa duýgur. Şonuň üçin aladaly we söýýän ene-atalar dürli gyjyndyryjylaryň täsirini azaltmak üçin iň oňat arassaçylyk we çagalara ideg önümlerini saýlamaga synanyşýarlar.

Bu meselede kömek etmek üçin "BAL BALAM" arlyklaryny alyp bilersiňiz. Çagalarda deriniň gyjyndyrylmagynyň esasy sebäplerini üns bilen öwrenenimizden soň, olaryň döremegini mümkin boldugyça aradan aýyrýan arlyklary taýýarladyk.

Çaganyň saglygy barada alada etmek

gowy arylkary saýlap almak!

Çig mal saýlanylanda, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan kesgitlenen ekologiýa taýdan arassa arlyklary öndürmek üçin global talaplardan ugrur alynýar.
Önümçilik prosesi daşky gurşawyň ähli talaplaryna, şeýle-de onuň ýok edilmegine laýyk gelýär. BAL BALAM arlyklary näzik çaga derisi üçin düýbünden howpsuz we gipoallergen.

Arlyklaryň hil görkezijileri

  • Berkitmeleriň hili
  • Gyjyndyrma/Düwürtik dökülmesi
  • Ulanylyş möhleti

Çagalar üçin "BAL BALAM"

inkär edip bolmajak artykmaçlyklary bar:

Peýdalary

Arlyklar, çaganyň derisine “dem almaga” mümkinçilik berýär.

Arlyklar çaganyň hereketine päsgel bermeýär

Ulanylan materiallar düýbünden gipoallergen.

Çagalar çygly bolanda deri bilen iň az aragatnaşyk saklaýar

Çagalar gyzykly we özboluşly dizaýn bilen tapawutlanýar.

Pes bahadan ýokary hilli

Biz hakda

“Rysgalla El” Hojalyk Jemgyýeti 2014-nji ýyldan bäri Türkmenistan bazarynda işleýär. 2016-njy ýylda arlyk önümçiligi başlandy we 2017-nji ýylda kompaniýa derman we lukmançylyk enjamlaryny satmak bilen meşgullandy. Kompaniýamyzyň maksady, adamlaryň durmuşyny we saglygyny her gün gowulaşdyrmak. Kompaniýa öz wezipesini sarp edijileriň talaplaryny, hil we howpsuzlyk talaplaryny, ülňülerini we kanunçylygyny has ýokary derejede kanagatlandyrjak ýokary hilli önümler bilen üpjün etmekde görýär. Arlyk bazaryndaky iň gowulary birleşdirmäge we şol bir wagtyň özünde müşderilere önümleri arzan bahadan getirmäge çalyşýarys.

Toparymyz önümlerimiziň hilini ýokarlandyrmak üçin täze çözgütleri we üpjün edijileri yzygiderli gözleýär. Biziň maksadymyz, köpleriň arasynda ösen "Iň gymmat - ekologiýa taýdan arassa we ýokary hilli diýmekdir" diýen stereotipi üýtgetmek. Maşgala býujetiňiz barada alada edip, tygşytlamak üçin arzan bahadan ýokary hilli arlyk döretmäge çalyşýarys.

Ulanylan ilkinji gününden başlap, munuň ajaýyp arlykdygyna we ygtybarlydygyna düşünersiňiz. Çaganyň we maşgalanyň peýdasyna has köp wagt sarp etmäge mümkinçilik berýän köp aladalardan halas eder. “BAL BALAM” önümleri hatda iň ýokary talaply ene-atalaryňam isleglerini kanagatlandyryp biler.

Esasy ýörelgelerimiziň biri, importyň ornuny tutýan we durmuş taýdan möhüm önümleri öndürmek we gowulandyrmak, içerki önümleriň ýurduň umumy haryt dolanyşygyndaky paýynyň ýokarlanmagydyr. Önümçilik liniýasy ýylda 13 milliondan gowrak önüm öndürmek üçin niýetlenendir, bu diňe bir içerki bazara zerurlygyny däl, eýsem ep-esli bölegini daşary ýurtlara eksport etmegi üpjün eder.

Bizde önümçiligiň mukdaryny artdyrmak, önümçiligi hasam diwersifikasiýa etmek, önümlerimiziň gerimini giňeltmek, satuw bazarlarymyzy üýtgetmek we önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin önümçiligiň täze görnüşlerini ösdürmek niýetimiz bar.

"BAL BALAM" arlyk öndürmek üçin çig malyň sanawy

Bäş rahatlygyny üpjün etmek üçin çyglylygy siňdirmek üçin rulonlarda sellýuloza

"BAL BALAM" nyşany bolan arlygyň dem alýan ýumşak ýokarky gatlagy (plýonka)

Siňdiriji gatlagy gaplamak üçin sanitariýa-arassaçylyk kagyzy

Siňdiriji ýokary absorbirleýän polimer

Çyglylygyň syzmazlygy üçin suw geçirmeýän ýumşak dokalmadyk içki material

Çyglylygyň siňdirilmegini gowulandyrmak üçin ýapyk, ýumşak, dokalan däl dem alýan material

Çyglylygy paýlaýjy içki gatlak

“BAL BALAM” nyşany bilen biliň ululygyny sazlamaga mümkinçilik berýän ýelmeşijileri berkitmek üçin lenta-kemeri

Çyglylygyň gaçmagynyň öňüni alýan arlyk manžetleri üçin elastik ýumşak lenta (rezinler)

Material ýelmeşdirmek üçin gipoallergen ýelim

Rezinleri (elastik ýumşak lentany) dokalmaýan dem alýan material bilen ýelmeşdirmek üçin gipoallergen ýelim

Bili has gowy ýapyşmagy üçin kagyz streýç kemeri

Biziň maglumatlarymyz

Türkmenistan, Aşgabat şäheri,
S. Türkmenbaşy şaýoly jaý 71/1.

E-poçta: info@balbalam.net

Telefon/Faks: +993 12 22-78-22
El telefony: +993 65 88-00-21

Biziň bilen habarlaşmak

TOP